Turkmenportal logo
26.03.24
1138311383
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Shell» dünýäde iň gymmat nebitgaz brendi boldy
Surat: interfax.ru

«Shell» britan-niderland energetika kompaniýasy dünýäniň iň gymmat bahaly nebitgaz brendleriniň sanawynda öňdeligini saklap galdy. Bu barada «Brand Finance» seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.


Bir ýylda kompaniýanyň nyrhy 4 göterim gymmatlap, 50,3 mlrd dollara deň boldy.


Sanawda ikinji orny öňküsi ýaly «Saudi Aramco» (46,1 mlrd doll.), üçünji orny «PetroChina» (28,5 mlrd doll.), dördünji orny «Sinopec» (26,7 mlrd doll.) eýeledi. Bäşinji orna «BP plc» (18,5 mlrd doll.) çykdy, fransuz «TotalEnergies» kompaniýasy bolsa 17 mlrd dollar görkeziji bilen altynjy orna düşdi.


Iň çalt gymmatlaýan brend hökmünde Kataryň «Qatar Energy» kompaniýasy yglan edildi (82 göterim ösüş, 3,2 mlrd doll. çenli). Muňa kompaniýanyň «Qatargas» kompaniýasy bilen şowly goşulyşmagy sebäp boldy.