Turkmenportal logo
19.03.24
2356223562
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýran — Türkmenistan oýnuna ýaponiýaly referi eminlik eder

FIFA DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasynyň 3-nji aýlwayndan orun alan Eýran — Türkmenistan oýnunyň eminlerini mälim etdi.


Duşuşyga ýaponiýaly referiler eminlik ederler. Oýnuň baş emini ýaponiýaly FIFA referisi Ýusuke Araki bolar.


Eýran — Türkmenistan oýny penşenbe güni 21-nji martda geçiriler. Duşuşyk «Azadi» stadionynda oýnalyp, ol Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.


Ýusuke Arakä onuň ildeşleri Jun Mihara we Kota Watanabe gapdal eminleri hökmünde ýardam ederler. Oýnuň ätiýaçdaky emini Hiroki Kasahara bolar.