Turkmenportal logo
19.03.24
1994219942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy

Amir Galenoiniň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň milli ýygyndysynyň tälimçiler ştaby DÇ-2026-nyň saýlamasynyň çäklerinde 21-nji we 26-njy mart günleri Türkmenistan bilen boljak oýna gatnaşmak üçin milli ýygynda çagyrylan oýunçylaryň sanawyny yglan etdiler.


Eýranyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýygynda 29 sany oýunçy — 4 sany derwezeçi, 10 sany goragçy, 10 sany ýarymgoragçy we 5 sany hüjümçi orun çagyryldy.


Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümi:


Derwezeçiler: Alireza Beýrawand («Persepolis»), Paýam Niýazmand («Sepahan»), Hosseýn Hosseýni («Esteglal»), Arşa Şakuri («Hawadar»);


Goragçylar: Milad Mohammadi («Adana Demirspor»), Abulfazl Jalali («Esteglal»), Hosseýn Gudarzi («Şams Azar Kazwin»), Şoja Halilzadeh («Traktror»), Amin Hazbawi («Al-Sadd»), Saman Fallah («Gol Gohar»), Hosseýn Kanaani («Persepolis»), Ramin Rezaýan, Omid Nurafkan (ikisem – «Sepahan»), Saleh Hardani («Esteglal»);


Ýarymgogarçylar: Said Ezzatollahi («Şabab Al-Ahli»), Mohammad Gorbani («Orenburg»), Saman Goddos («Brentford»), Ali Golizade («Leh»), Alireza Jahanbahş («Feýenord»), Allahýar Saýýadmaneeş («Westerlo»), Mehdi Limuçi («Alýuminiý Arak»), Mohammad Mohebi («Rostow»), Mehdi Gaýedi («Ittihad Kalba»), Mehdi Torabi («Персеполис»);


Hüjümçiler: Mehdi Taremi («Portu»), Jawad Agaýeýpur («Esteglal Huzestan»), Serdar Azmun («Roma»), Mohammedreza Azadi («Nassaji Mazandaran»), Said Saharhizan («Gol Gohr»).