Turkmenportal logo
13.03.24
1064510645
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ewerestden hem uly kometa Ýere golaýlaýar
Surat: mir24.tv

Ýere tarap uçup gelýän kometany golaý günlerde adaty göz bilen synlap bolar. Ol biziň planetamyzyň ýanynda 70 ýylda bir gezek peýda bolýar.


Pons-Bruksyň kometasy kriýoýanardag toparyna degişlidir, haçan-da onuň içi gyzyp, basyş ýokarlananda, tozan, gaz we buz böleklerini pürkýär. Şeýle çogmalaryň birinden soňra onuň töwereginde şahy ýatladýan tüsse emele geldi, şonuň üçin oňa «Arwahyň kometasy» diýip at berdiler.


Kometanyň ýadrosynyň diametri 20 kilometre deň, ol Güne 21-nji aprelde has ýakyn geler.


Alymlar öňdäki hepdelerde kometanyň ýagtylygynyň artjakdygyny aýdýarlar. Ol Andromeda ýyldyzlar toparyndan Balyklara tarap süýşýär. «Arwahyň kometasy» ýagty şöhle saçýan ýyldyzlaryň golaýyndan geçer, şonuň üçin ony kesgitli senelerde has aýdyň görmek bolar. 31-nji martda kometa Hamal ýyldyzyndan 0,5 gradus aralykda bolar.


Astrofizikler onuň Demirgazyk ýarymşarda has oňat görünjekdigini aýdýarlar.