Türkmen aýakgap öndürijisi «Röwşen» 11 – 13-nji mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki «Atakent» sergi merkezinde geçirilýän «Central Asia Fashion 2024» atly 33-nji halkara moda sergisine öz önümleri bilen gatnaşýar.
«Central Asia Fashion» – bu Merkezi Aziýa sebitindäki iň üstünlikli moda sergileriniň biridir. Her ýyl oňa gatnaşmak üçin moda pudagynyň meşhur wekilleri we bu ugurda ilkinji ädimlerini ädýänler ýygnanýar.
«Röwşen» brendiniň önümleri ýokary hili we gaýtalanmajak dizaýny bilen meşhurdyr. «Central Asia Fashion» sergisine gatnaşmak kompaniýa üçin önümlerini giň köpçülige hödürlemek, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň goldawyny almak we halkara bazaryndaky ornuny berkitmek babatda ajaýyp mümkinçilik bolar.
«Röwşen» sergide diňe bir ulular we çagalar üçin niýetlenilen dürli görnüşli aýakgaplary däl, eýsem, soňky moda meýilleri göz öňünde tutup işlenip düzülen täze kolleksiýalary, şeýle hem aýratyn sargytlar esasynda döredilen özboluşly nusgalary hödürleýär.
«Röwşen» ýokary hilli we ajaýyp aýakgaplary tanaýanlaryň hemmesini «Central Asia Fashion» sergisinde kompaniýanyň diwarlygyna gelip görmäge çagyrýar.
Ýeri gelende bellesek, «Röwşen» HK 2024-nji ýylyň fewralynda Moskwada geçirilen «Euro Shoes» atly aýakgaplaryň we esbaplaryň halkara sergisine gatnaşdy, bu ýerde türkmen brendiniň önümlerine hünärmenler we alyjylar tarapyndan ýokary baha berildi.

