Turkmenportal logo
11.03.24
1349113491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary Türkmenistanyň çempionatynda «Nebitçini» ýeňdi

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özenini düzýän «Arkadag» topary Ýokary liganyň FIFA günleri sebäpli dörejek arakesmeden ozalky tapgyrynda «Nebitçini» 5:0 hasabynda ýeňdi. Turniriň 3-nji tapgyryndan orun alan oýun Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


Ýeňijileriň düzüminde Şanazar Tirkişow (12), Didar Durdyýew (15), Altymyrat Annadurdyýew (55, 74) we Nazar Töwakelow tapawutlandy.


Üçünji tapgyrdan soňra «Arkadag» topary 2 oýunda toplanan 6 utuk bilen turnir tablisasynyň ikinji ornunda barýar. «Arkadag» indiki tapgyrda 30-njy mart güni «Ahaly» myhman alar.


«Nebitçi» bolsa 3 utuk bilen bäşinji ýerde barýar. Balkanabada wekiliçilik edýän topar indiki tapgyrda 30-njy mart güni myhmançylykda «Altyn asyr» bilen oýnar.


Ýeri gelende bellesek, aslynda, 3-nji tapgyrda «Arkadag» we «Nebitçi» toparlarynyň arasyndaky oýun Balkanabatda geçirilmelidi. Emma toparlar öý oýunlaryny çalyşdylar. Şeýlelikde, 12-nji tapgyrda bu toparlaryň arasyndaky oýunda «Nebitçi» öý eýesi bolar.