Turkmenportal logo
09.03.24
3647336473
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabadyñ Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda söwda we hyzmatlar boýunça 28 bina gurlar
Aşgabadyñ Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda söwda we hyzmatlar boýunça 28 bina gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda söwda we hyzmat öýlerini gurmak bilen baglylykda, 28 binanyň dizaýny we gurluşygy üçin tender geçirýär. Bu baradaky bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.


Täze desgalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna gurlar.


Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri 2024-nji ýylyň 23-nji apreline çenli bellenilen tertipde kabul ediler.


Giňişleýin maglumatlary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginden alyp bilersiňiz.


Salgysy: Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 84.


Telefon belgileri: (+993 12) 44-45-55, 44-46-64.