Turkmenportal logo
07.03.24
1433414334
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda ilkinji robot-mugallym işe başlady

Emeli aňyň esasynda döredilen ilkinji robot-mugallym Hindistanyň Kerala ştatyndaky mekdepde işe başlady. Oňa Iris diýip at berdiler. Bu barada TASS habar berdi.


Robota açyk milli sari köýnekli hakyky mugallym zenanyň keşbini berdiler. Sapak otagynda ol tigirçeklerde hereket edýär, okuwçylar bilen tanyşlykda elleşip görüşýär.


Iris Triwandram şäheriniň Ýokary orta mekdebinde işe başlady. Ol dürli derslerden dürli derejeli sowallara seslenmek bilen, jogap berip bilýär, bu bolsa interaktiw bilim bermegi ýeňilleşdirýär.


Hünärmenler bilim berlişiň geljegi babatda Iris ýaly taslamalaryň kömekçileriň hyzmatyny bitirip biljekdigini belleýärler.