Turkmenportal logo
06.03.24
2070920709
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň möhüm oýunlaryna taýýarlanýar

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy saýlama tapgyryndan orun alan Eýranyň milli ýygyndysyna garşy geçjek möhüm oýunlardan öň Dubaýda türgenleşik geçirer.


«Turkmenportala» mälim bolşuna görä, 11-nji martdan 12-ne geçilýän gijede futbolçylar Birleşen Arap Emirliklerine ugrap, şol ýerde ýakyn wagtda geçiriljek oýunlara taýýarlanarlar. 14-nji martda Dubaýda türkmen ýygyndysy Gazagystanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


Şondan soňra Mergen Orazowyň tälim berýän topary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň milli ýygyndysyna garşy duşuşyga gatnaşmak üçin Tährana uçar. Duşuşyk 21-nji martda meşhur «Azadi» stadionynda geçiriler.


Aşgabat şäherine gaýdyp gelenlerinden soň, türkmen futbolçylary 26-njy martda Eýranyň ýygyndysy bilen boljak jogap oýnuna taýýarlyk görerler.


Mart aýyndaky türgenleşik we saýlama oýunlary üçin Türkmenistan milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümi ýakyn wagtda yglan ediler.