4-nji martda Aşgabatda açylan owgan harytlarynyň sergisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň stendi görkezilýär. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi.
Bu sergi köpden bäri ýakyn taryhy we medeni gatnaşyklar bolan iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň stendi içerki telekommunikasiýa pudagynyň we sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny görkezýär. Sergä gatnaşyjylar türkmen hünärmenleri tarapyndan hödürlenen aragatnaşyk, internet we telewideniýe pudagyndaky soňky gazanylanlar bilen tanşyp bilerler.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sergä gatnaşmagy, ykdysady hyzmatdaşlygy we sebit ýurtlarynyň arasynda integrasiýany giňeltmek üçin sanly infrastrukturanydyr häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmegiň möhümdigini görkezýär.
Aşgabatda görkezilýän owgan harytlarynyň sergisiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dostluk, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp guralandygyny bellemek gerek.

