Turkmenportal logo
28.02.24
2018820188
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen karateçileri BAE-de geçirilen alkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler karate boýunnça Fujeýrada (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Ýaşlar karate ligasy» halkara ýaryşynda iki bürünç medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.


Bütindünýä Karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşda 12 ýaşdan 20 ýaşa çenli ýaş derejesinde 78 ýurtdan 2070 türgen medallar ugrunda bäsleşdiler.


Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşda Türkmenistana 25 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli 4 emin gatnaşdy.


Kadetleriň arasynda kumite (söweş) boýunça Türkmenistan milli ýygyndysynda aşakdaky türgenler bürünç medala mynasyp boldular: 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejede Alymuhammet Kakalyýew, 14 ýaşdan uly ýetginjekleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejede Gurbannazar Amandurdyýew.