Turkmenportal logo
27.02.2024
4880648806
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu hepde Türkmenistanda üýtgäp durýan çygly howanyň bolmagyna garaşylýar

Şu hepde Türkmenistanda üýtgäp durýan howanyň we gar gatyşykly ýagyşyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri tarapyndan çap edilen hepdelik howa maglumatynda aýdylýar.


Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -3... -5 gradus sowukdan, -1... +1 gradus sowuk, gündizlerine 0... +2 gradusdan +9... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.


Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan, -3... +2 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -2... +3 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.


Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan, -1... +4 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.


Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan, -2... +3 gradus sowuk, gündizlerine -3... +2 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.


Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar.. Howa gijelerine -1... -6 gradusdan -1... +4 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine 0... +5 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl bolar.


Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... -5 gradusdan -5... -10 gradus aralygynda sowuk, gündizlerine -3... +2 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl bolar.


Mundan ozal, Aşgabatda dynç günlerinde gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar beripdik.