Turkmenportal logo
26.02.2024
1382013820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aragatnaşyk pudagynyň wekilleri Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşikde öz başarnyklaryny görkezdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy fewralda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli «Hünärim bar — hormatym bar» diýen at bilen gelin-gyzlaryň arasynda guralan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.


Ak altyn myhmanhanasynyň «Ak altyn» restoranynda geçirilýän bäsleşige Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.


Bäsleşigiň baş baýragyna «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň operatory Göwher Şamuhammedowa mynasyp boldy. Ýeňijilere gymmatly bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.