Italiýa Ýewropada iň gartaşan ilatly ýurt diýlip yglan edildi diýip, «24KZ» habar berýär. Ýurtda ilatyň ortaça ýaşy 48-den geçýär, bu Ýewropa Bileleşiginde iň ýokary görkezijidir. Şeýle maglumatlary ÝB-niň Statistika edarasy getirýär.
Seljermede 1980-nji ýyllardan bäri Italiýada gartaşan adamlaryň yzygiderli artýandygy bellenýär. Çaga dogumy bolsa azalýar. Hünärmenler soňky ýagdaýy ýaşlar üçin durnukly işi tapmagyň we öý edinmegiň barha kynlaşýandygy bilen düşündirýärler. Bu bolsa nika baglaşylýan ýaşyň uzalmagyna getirýär. Eger ýagdaý dowam etse, Italiýada demografiki kynçylyk emele geler diýip, hünärmenler belleýärler.