Turkmenportal logo
26.02.24
2884928849
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary ýoldaşlyk duşuşygynda Gyrgyzystanyň çempiony «Abdyş-Atadan» üstün çykdy

«Arkadag» topary BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy. Wladimir Baýramowyň şägirtleri Gyrgyzystanyň häzirki çempiony we ýurduň Superkubogynyň eýesi «Abdyş-Ata» klubyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.


Ýeri gelende bellesek, futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özenini düzýän «Arkadag» futbol kluby 2023-nji ýylyň aprel aýynda esaslandyrylyp, ol debýut möwsüminde Türkmenistanyň çempiony boldy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başardy.


4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýän «Arkadag» kluby 6 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.


«Arkadag» topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi hem-de Ukrainanyň «Şahtýor» toparyndan 1:4, «Dnepr-1» toparyndan bolsa 0:1 hasabynda asgyn geldi. BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolsa Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýän «Pari NN» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi hem-de RPL-iň häzirki çempiony «Zenit» bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.