Turkmenportal logo
21.02.24
3134031340
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Antwerpen deňiz akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmekçi

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Antwerpen deňiz akademiýasynyň Baş direktory Rouen wan Şereniň arasynda geçirilen duşuşykda deňiz bilimi we deňiz giňişliginde işleýän hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, Belgiýanyň deňiz flotunyň hünärmenleri taýýarlanylýan uniwersitet kollejine bolan saparynyň çäklerinde türkmen ilçisi akademýanyň işiniň esasy ugurlary, bilim maksatnamalary, ylmy-barlag işleri we hödürlenilýän hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary bilen ýakyndan tanyşdy.


Rouen wan Şeren akademiýanyň ýörite bilim maksatnamalaryny hödürläp, onuň şahadatnamalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini belledi. Bu bu ýerde berilýän bilimiň ýokary hil derejesi, ählumumy deňiz jemgyýetinde uly abraýadan peýdalanýandygy hem aýdyldy, diýlip habarda bellenilýär.