Turkmenportal logo
19.02.24
3870538705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Marca»: Mbappe «Real» bilen 5 ýyllyň şertnama gol çekişdi

Ispaniýanyň «Marca» gazetiniň habar bermegine görä, fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe Madridiň «Real» kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmak barada ylalaşdy. Şertnama 2024-nji ýylyň tomsunda, haçan-da Mbappeniň «PSŽ» bilen şertnamasy gutarandan soňra güýje girer.


25 ýaşly Mbappe «Realyň» düzümine erkin agent hökmünde goşular. «Marcanyň» ýazmagyna görä, Mbappe möwsümiň soňunda topary terk etjekdigi barada «PSŽ-niň» prezidentine mälim etdi.


Mbappe «PSŽ» bilen Fransiýanyň bäş gezek çempiony boldy. Üç gezek ýurduň Kubogyny hem-de Superkubogyny eýeledi. Şeýle-de iki gezek Fransiýanyň Liga kubogyna mynasyp boldy.


Ol Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nj ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda altyn medala eýe boldy. DÇ-2022-de bolsa 8 gol bilen ýaryşyň «iň netijeli oýunçysy» boldy we kümüş medala mynasyp boldy.