Turkmenportal logo
15.02.24
3030730307
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini yglan etdi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini yglan etdi. Reýtingde Türkmenistanyň ýygyndysy ozalky 141-nji ýerinde galdy.


Türkmenistanyň ýygyndysy 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Mergen Orazowdan tälim alýar. Türkmenistanyň ýygyndysynyň FIFA reýtingindäki iň ýokary görkezijisi 2004-nji ýylyň aprel aýynda hasaba alnyp, şonda türkmen ýygyndysy sanawyň 86-njy basgançagyna çenli ýokarlapdy.


Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda FIFA reýtingindäki iň gowy orun Eýranyň ýygyndysyna degişli. Eýran häzir sanawyň 20-nji ornuny eýeläp dur. Şeýle-de, täze reýtingde Özbegistan 66-njy, Täjigistan 99-njy, Gazagystan 100-nji, Gyrgyzystan 104-nji we Owganystan 158-nji basgançakdan orun aldy.


Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 14-nji martda Gazagystanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Duşuşyk BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňdäki resmi oýunlary mart aýynyň üçünji ongünlüginde bolar. Has takygy, türkmen futbolçylary DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde 21-nji martda Tähranda, 26-njy martda bolsa Aşgabatda Eýran bilen güýç synanyşarlar.