Turkmenportal logo
15.02.24
3937939379
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäherine täze prokuror bellenildi

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün — 14-nji fewralda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.