Turkmenportal logo
14.02.24
3396433964
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» topary «Zenit» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

«Arkadag» futbol kluby BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Sankt-Peterburgyň «Zenit» topary bilen güýç synanyşar.


Duşuşyk 21-nji fewralda geçiriler. Oýnuň başlanjak wagty we geçiriljek stadiony ýakyn wagtda mälim ediler. Bu barada «Arkadag» futbol klubunyň Metbugat gullugy habar berdi.


Maglumat üçin, «Zenit» topary Russiýanyň 9 gezek çempiony, 2008-nji ýylda UEFA-nyň Kubogynyň we UEFA-nyň Superkubogynyň eýesi hasaplanýar.


«Zenit» häzirki wagtda Russiýanyň Premýer-ligasynda ikinji orunda barýar. Toparyň hasabynda 18 oýundan soňra 36 utuk bar.


Häzirki wagtda 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýän «Arkadag» topary Abu-Dabi şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda «Zenitden» başga-da birnäçe toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Şeýle oýunlaryň biri-de 18-nji martda RPL-iň ýene bir wekili «Pari NN» bilen bolar.


Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby geçen ýyl debýut möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy we ýurduň Kubogyny eýelemegi başardy.