Türkiýäniň Antalýa şäherinde güýçli ýagynlar netijesinde çabga döräp, bir adam pida boldy. Şäheriň käbir etraplarynda mekdepler we çagalar baglary ýapyldy diýip, «Ekonomim» gazetine salgylanýan «Izwestiýa» habar berdi.
Käbir obalarda öýleri we kärhanalary suw basdy, şäherde ulag gatnawynda päsgelçilik emele geldi. Motosikllerde hereket gadagan edildi.
Antalýanyň paýtagt edarasynyň häkimi Muhittin Böcek ýaşaýjylara öýlerinde galmagy maslahat berdi.
Häzirki wagtda Antalýada halas edijileriň 248-si işleýär. 900 töweregi adam suwa gark bolan ulaglardan halas edildi.
Çabgalar 12-nji fewralda başlap, gije has-da güýçlendi.