Turkmenportal logo
05.02.24
3651636516
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Dohada geçiriljek DÇ-2024-e gatnaşjak düzümi belli boldy

Kataryň paýtagty Doha şäherinde sportuň suwdaky görnüşleri boýunça 21-nji dünýä çempionaty badalga aldy. Ýaryşyň jemleýji günlerinde türgenler suwda ýüzmekde bäsleşerler. Has takygy, 11 — 18-nji fewral aralygynda «Aspire Dome» basseýninde 42 sany medallar toplumy üçin ýaryşlar geçiriler.


Şeýle-de, bu bäsleşik türgenler üçin Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almaga hem mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşa Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylyk etmegine gatnaşýar.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümi:


  • Merdan Ataýew (50, 100 metre arkanlygyna ýüzmek)
  • Musa Jalaýew (50, 100 metre krol usulda ýüzmek)
  • Anastasiya Morginşetrn (50, 100 metre erkin usulda ýüzmek)
  • Aýnura Primowa (100, 200 metre arkanlygyna ýüzmek)