Turkmenportal logo
22.01.24
2837328373
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Nebitmaş» DK öýi ýylatmak we gyzgyn suw üpjünçiligi üçin gaz ýyladyjylaryny hödürleýär

«Nebitmaş» döwlet kärhananasy öý gurşawyny ýylatmak hem-de gyzgyn suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenen gaz ýyladyjy ulgamlaryny hödürleýär.


«Nebitmaş» DK-nyň gaz ýyladyjy ulgamlary ýokary kuwwatlylygy hem-de ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Olar 500-den 20 000 inedördül metre çenli meýdandaky gurşawy ýylatmak üçin ulanylyp bilner.


Kärhana ýyladyjylaryň dürli ölçegdäki hem-de kuwwatlykdaky görnüşlerini müşderilere ýetirýär. Ýyladyjylaryň uzynlygy 1750-den 3850 mm-e, ini 900-den 1800 mm-e, beýikligi bolsa 1050-den 1920 mm-e çenlidir. Ýyladyjy ulgamlardaky basyş derejesi 0,6 MPa, suwuň temperaturasy hem 95 gradusa selsiýa çenli bolýar.


«Nebitmaş» DK-nyň gaz ýyladyjylarynyň peýdaly taraplary:


  • ulanmagyň ýeňilligi;
  • özbaşdak işleýşi (awtonomlygy);
  • bahasynyň elýeterliligi.

Kärhananyň wekilleri bilen şu salgy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.


Faks: (+993 12) 76 02 25.


Şeýle-de okaň: