Turkmenportal logo
22.01.24
2388923889
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti ýerasty süýji suwlary gözlemegiň möhümdigini aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy ýanwarda geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Bu barada TDH ýazýar.


Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanowyň hasabatynda aýdylyşy ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen ýerasty suwlary gözlemek işlerini üstünlikli ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri ýurduň sebitleriniň çäklerinde gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bu meselede netijeli işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutany aýtdy we zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.