Turkmenportal logo
20.01.24
4093740937
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Janly klassika» konserti geçiriler

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary 11-nji fewralda sagat 18:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçiriljek «Janly klassika» atly konserte çagyrylýar.


Konsertiň maksatnamasynda daşary ýurtly we türkmen nusgawy aýdym-saz eserleri ýerine ýetiriler.


Konsertde solistler Gülnar Nuryýewa, Selbinyýaz Annadurdyýewa, Maýa Gullaýewa, Begenç Moşşyýew, sazandalar Stella Faramazowa (fortepiano), Aýbölek Muhyýewa (skripka), şeýle hem kirişli saz gurallar kwarteti gatnaşar.



Petegiň bahasy 20 manat. Petekleri satyn almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993) 65 05 29 67 hem-de 63 29 44 98.