Ýaponiýada bolan güýçli ýer sarsgynlary netijesinde ýurduň käbir ýerlerinde kenar çyzyklary 250 metr suwa tarap süýşdi diýip, «Regnum.ru» habar berdi.
Aýratyn hem Noto ýarymadasy ejir çekdi, hemra arkaly suratlarda tebigy hadysanyň deňziň düýbüni açyp, suwy kenardan aňryk zyňandygy görünýär. Indi balykçylara gaýyklaryny goýmaga ýer ýok, sebäbi olaryň duralgalary suwdan uzakda galdy.
Häzirki bilermenler kenaryň deňze tarap süýşmeginiň ekologiýa täsirini kesgitlemekçi bolýarlar.
Öň, 1-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Isikawa prefekturasyndaky Noto ýarymadasynda güýçli ýer titremeleriň bolandygyny habar beripdik.