Turkmenportal logo
16.01.2024
2549225492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine halkara howa gatnawlaryny ýola goýýar.


Häzirki wagtda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyryljak Kuala-Lumpur, Jidda, Hoşimin we Milan şäherlerine gidiş we gaýdyş biletleriniň onlaýn satuwy başlanyldy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Habarda bellenilişi ýaly, bu ugurlar boýunça ilkinji uçuşlaryň 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertipde gatnawlary amala aşyrar:


Aşgabat – Kuala-Lumpur — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlanylar;


Aşgabat – Jidda — Aşgabat, hepdede üç gezek, sişenbe, çarşenbe we anna günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan başlanylar;


Aşgabat – Milan — Aşgabat, hepdede 1 gezek, çarşenbe güni, uçuşlar 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan başlanylar;


Aşgabat – Hoşimin — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar 2024-nji ýylyň 7-nji martyndan başlanylar.


Şeýlelikde, bu ýyl «Türkmenistan» awiakompaniýasy 12 ýurduň şäherlerine 14 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrar.