Turkmenportal logo
16.01.24
1954219542
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda aspirantura, doktorantura, kliniki ordinatura kabul ediljekleriň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň sany tassyklandy

Türkmenistanda 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurduň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.