Turkmenportal logo
12.01.24
2560625606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýanyň kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygy: başlanýan wagty we göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkinçiligi barada

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryş şu gün Kataryň we Liwanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşyk bilen başlar. Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy bu duşuşygy göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirer.


Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 21-de başlanar. Ol 88 müň tomaşaçylyk «Lusail» stadionynda geçiriler. Ozal habar berşimiz ýaly, duşuşygy eýranly hünärmen Alireza Faganiniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary alyp barar.


Ýaryşyň «A» toparçasynda Kataryň, Liwanyň, Hytaýyň we Täjigistanyň ýygyndylary ýaryşýar. Toparçada üç orny eýeläp bilen ýygyndy adyny 1/8 finala ýazdyrar.


Aziýanyň kubogynda toparçalaýyn duşuşyklar 25-nji ýanwarda tamamlanar. 28-nji ýanwarda bolsa ýaryşyň pleý-off tapgyryna badalga berler.


Futbolyň türkmenistanly muşdaklary Aziýa kubogynyň duşuşyklaryna IP telewideniýesi arkaly tomaşa edip bilerler.