Turkmenportal logo
12.01.24
2317723177
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Barselona» Ispaniýanyň Naýbaşy kubogynda «Realyň» garşydaşy boldy

«Barselona» Ispaniýanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalynda «Osasunadan» üstün çykdy. Er-Riýad şäherinde geçirilen duşuşyk Hawi Ernandesiň şägirtleriniň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Duşuşykdaky gollary Robert Lewondowskiý bilen Lamin Ýamal geçirdi. Polşaly hüjümçi 59-njy minutda tapawutlanan bolsa, ispaniýaly ýarymgoragçy jemleýji sözi goşmaça wagtyň 3-nji minudynda sözledi.


Naýbaşy kubogyň eýesini kesgitlejek duşuşyk 14-nji ýanwar güni geçiriler. Şol gün ýarymfinalda «Atletikony» 5:3 hasabynda ýeňen «Real» «Barselonanyň» garşydaşy bolar.


Bu kubogy 15 gezek gazanan «Barselona» Ispaniýanyň rekordynyň eýesi. «Real» bolsa taryhynda 12 gezek Naýbaşy kubokly bolup gördi. Geçen ýylky finalda «Barselona» «Realy» 3:1 hasabynda ýeňipdi.