Turkmenportal logo
09.01.24
2130921309
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rublýow ATP-niň ýaryşlaryndaky baýraklarynyň sany boýunça russiýaly tennisçileriň arasynda ilkinji bäşlige girdi

ATP-niň Gonkongda geçirilen ýaryşy dünýäniň bäşinji raketkasy Andreý Rublýowyň ýeňşi bilen tamamlandy.


Şeýlelikde, russiýaly tennisçi karýerasyndaky bäşinji baýragyny gazandy. Bu netije bilen ol ATP-niň ýaryşlarynda gazanan baýraklarynyň sany boýunça 2000-nji ýyllaryň ýyldyzy, Uly tuwulgalaryň iki gezek çempiony Marat Safin bilen deňleşdi. Onuň döwürdeşi Ýewgeniý Kafelnikow bolsa ATP ýaryşlaryndaky 26 baýragy bilen heniz hem birinji orunda.


ATP-niň iň köp baýragyna mynasyp bolan russiýaly tennisçiler:


1. Ýewgeniý Kafelnikow - 26 baýrak.


2. Nikolaý Dawidenko - 21.


3. Daniil Medwedew - 20.


4–5. Marat Safin, Andreý Rublýow - 15.


6. Mihail Ýužniý - 10.