Turkmenportal logo
03.01.24
3131631316
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kanadanyň hokkeý ýygyndysy ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi

Şwesiýada geçirilýän hokkeý boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda garaşylmadyk netijeleriň biri ýüze çykdy. Çärýek final duşuşyklarynyň birinde dünýäniň häzirki çempiony Kanadanyň ýygyndysy ýarym finala çykyp bilmedi.


Has takygy, kanadaly hokkeýçiler çärýek final duşuşygynda Çehiýanyň ýaşlar ýygyndysyndan 2:3 hasabynda ýeňildiler. Şeýlelikde, olar 2019-njy ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyny medalsyz tamamladylar.


Çehiýa bolsa ýarym finalda Finlýandiýanyň garşydaşy bolar.