Turkmenportal logo
02.01.24
6314263142
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere gatançlary tölemegiň möhletleri barada ýatladýar

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy pensiýa gatançlarynyň tölenilmelidigini ýatladýar. Degişli bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Onda şeýle diýilýär:


«Hormatly telekeçiler! Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda 2023-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny ýatladyp, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda pensiýa gatançlarynyň tölenilmegini haýyş edýär».