Turkmenportal logo
02.01.24
4612346123
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Teýmur Çaryýewiň toparynyň AFK-nyň kubogynyň sebitara ýarym finalyndaky garşydaşy belli boldy

Türkmenistanyň «Altyn asyr» ýa-da «Merw» futbol toparlarynyň ikiden biri AFK-nyň kubogynda toparçadan çykyp bilen bolsa, sebitara ýarym finalda Taýwana wekilçilik edýän toparyň garşydaşy boljak eken.


Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary türkmenistanly garşydaşlarynyň ikisinden hem üstün çykyp, ýaryşyň bu tapgyrynda Taýwanyň «Taýçung Futuro» toparynyň garşydaşy boldy.


Bije çekişlik täze ýylyň öňüsyrasynda AFK-nyň Malaýziýadaky ştab-kwartirasynda geçirildi.


Türkmenistanly futbolçy Teýmur Çaryýew we topardaşlary sebitara ýarym final duşuşyklaryny öýde-myhmançylykda görnüşinde 6-njy ýa-da 7-nji we 13-nji ýa-da 14-nji mart günlerinde geçirerler.