Turkmenportal logo
01.01.24
2408324083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy

«Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň çempionatynyň geçen ýyldaky möwsüminiň iň netijeli futbolçysy boldy. Ol çempionatyň dowamynda 27 gezek tapawutlandy.


Ikinji orundaky «Altyn asyryň» hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň 12, onuň üçünjilikdäki topardaşy Myrat Annaýewiň bolsa 11 goly bar. Şeýle hem «Nebitçiden» Magtymberdi Berenow 10, «Arkadag» toparyndan Begmyrat Baýow bilen «Aşgabatdan» Hojanazar Gurbanow 9 gol bilen ilkinji bäşlige girmegi başardy.


Çempionatyň geçen möwsüminde 106 futbolçy tapawutlandy. «Arkadag» toparyndan Didar Durdyýew (27), «Altyn asyrdan» Wahyt Orazsähedow (12), «Nebitçiden» Magtymberdi Berenow (10), «Aşgabatdan» Hojanazar Gurbanow (9), «Köpetdagdan» Şamämmet Hydyrow (8), «Ahaldan» Elman Tagaýew (7), «Şagadamdan» Yhlas Magtymow (5), «Energetikden» Guwanç Berdimyradow (4) öz toparlarynda iň netijeli futbolçylar boldular. «Merwden» bolsa birnäçe futbolçynyň 2 goly bar.