Turkmenportal logo
30.12.23
3668536685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
29-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
29-njy dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.


2024-nji ýylyň şygary we nyşany yglan edildi


Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýetip gelýän ýylyň täze nyşany tassyklandy.



Halkara hyzmatdaşlygy


Goňşy ýurtlaryň birnäçesiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny öz dillerine terjime etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýüz tutdular.


Jemgyýet


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny guramagy tabşyrdy.


Şäherlerde we obalarda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly gatnamagyny üpjün etmegi, ilata aragatnaşyk hyzmatlarynyň bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


2023-nji ýylyň deslapky san maglumatlary


Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi.


Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.


Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.


2023-nji ýylyň möhüm wakalary


Arkadag şäheri açyldy we bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi.


Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.


Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» hem-de «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.


Şeýle-de okaň: