Turkmenportal logo
26.12.23
2127521275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanlylar Täze ýyl arçasy bezelende ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada SMS habarnamasyny aldylar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy «Altyn Asyr» öýjükli operatory arkaly ýurduň raýatlaryna Täze ýyl arçasyny bezänlerinde we Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlananda ýangyn howpsuzlygy barada ýatladýan SMS habarnamasyny iberdi.


Hususan-da, habarda şeýle diýilýär:


«Hormatly watandaşlar! Täze ýyl arçasyny bezäniňizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý edip, olaryň golaýynda feýerwerkleri we bengal otlaryny ýakmagyň, şeýle hem kiçi ýaşly çagalary öýde ýeke galdyrmagyň howpludygyny ýatladýarys. TIIM-niň ÝHG».


Ozal ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gyşda elektrik enjamlaryny ulanmagyň düzgünleri barada SMS ýatlatma iberendigini habar beripdik.