Turkmenportal logo
20.12.23
2846428464
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşygy «Köpetdag» bilen «Gara altynyň» arasynda geçiriler

19-njy dekabrda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinal duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Geçirilen duşuşyklarda degişlilikde “Gümrükçi” hem-de “Deňizçi” toparlaryndan üstün çykan “Köpetdag” bilen “Gara altyn” toparlary Kubok bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar.


Futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy ertir, 20-nji dekabrda geçiriler. Türkmen Döwlet sport we bedenterbiýe institutynyň sport toplumynda geçirilýän aýgytlaýjy duşuşyk 14:00-da başlanar.


Ýarymfinal duşuşyklarynyň netijeleri:


“Köpetdag” – “Gümrükçi” – 5:3


“Deňizçi” – “Gara altyn” – 1:3