Turkmenportal logo
18.12.23
5046950469
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş wekilligi ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogap berdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş wekilligi ýygy-ýygydan berilýän sowallara jogap berdi

Russiýa Federasiýasyndaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş wekilligi resmi web sahypasynda ýolagçylaryň Moskwa — Aşgabat — Bangkok we Kazan — Aşgabat — Bangkok gatnawlaryny utgaşdyrmak bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan berýän sowallaryna jogaplary çap etdi. Olar bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


Resmi web sahypasynda bellenilişi ýaly, Bangkoga uçmak üçin ýolagçylaryň PCR synagyndan geçmeginiň zerurlygy ýok.


Mundan başga-da, Aşgabat howa menziliniň üstaşyr meýdançasynda ýolagçylar üçin restoran, dükan we iş otagy bar. Neşiriň bellemegine görä, Aşgabat halkara howa menzili dünýädäki iň amatly üstaşyr howa menzillerinden biridir.