Turkmenportal logo
11.12.23
1872318723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

11-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Bellenilişi ýaly, duşuşykda türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň giň gerimi, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna goşant goşýan iň ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýeti bellenildi.


Mundan başga-da, taraplar hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sebitde we howpsuzlygy, durnuklylygy we durmuş-ykdysady ösüşi goramakdaky garaýyşlarynyň meňzeşligi tassyklanyldy.