Turkmenportal logo
10.12.23
3861038610
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň şanyna ýurtdaky teatrlarda daşary ýurtly nusgawy ýazyjylaryň, şeýle hem türkmen edebiýatynyň eserleri esasynda oýunlar görkeziler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.


12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly meşhur eserini halka hödürlär.


12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly we degişmeli konsert bolar. Bu agşamyň maksatnamasy meşhur artistleriň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny öz içine alýar.


12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry gülküli «Oskar» oýnuny görkezer. Oýun fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda goýlupdyr.


12-nji dekabrda sagat 19:00-da A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Halklaryň dostlugy» atly konserte çagyrýar.


12-nji dekabrda sagat 15:00-da Türkmen döwlet gurjak teatry iň ýaş tomaşaçylary Aladdin hakyndaky arzyly gündogar ertekileri esasynda goýlan oýnuň ilkinji gezek görkezilişi bilen begendirer.


12-nji dekabrda sagat 19:00-da Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýapon dramaturgy Kinosit Dzýundiziniň pýesasy esasynda goýlan «Durna umydy» oýny görkeziler.


12-nji dekabrda sagat 19:00-da Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry «Bitaraplyk owazlary» atly konserte çagyrýar.


«Hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen ýurtda 6-njy dekabrdan 13-nji dekabra çenli geçýän dünýä teatr sütünleriniň hepdeligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýola goýlupdyr.