Turkmenportal logo
28.11.23
2674926749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuraş – 2023: Türkmenistan bäşinji kümşüni, Gazagystan ilkinji altynyny gazandy

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda dowam edýän dünýä çempionatynda bäşinji kümüş medalyny erkekleriň arasynda 73 kilograma çenli agram derejesinde gazandy.


Bu agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Şatlyk Jumanyýazow finalda gazagystanly Abilkair Mauleninden asgyn geldi.


Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä çempionatynda bäşinji kümüş medalyny gazandy. Şeýle hem Türkmenstanyň dört altyn we dört bürünç medaly bar.


Bu duşuşykdan soň Gazagystan şu dünýä çempionatyndaky ilkinji altyn medalyny gazandy.