Turkmenportal logo
28.11.23
1750217502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuraş – 2023: Döwlet Hemrakulyýew dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institynyň birinji ýyl talyby Döwlet Hemrakulyýew Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ikinji gününde türkmen ýygyndysynyň ilkinji medalyny gazandy.



66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşa Döwlet ýarymfinalda eýranly türgen Majid Wahid Barimanloudan asgyn geldi.


Şeýlelikde, türkmen ýygyndysynyň iki günde gazanan medallarynyň sany 9-a, bürünç medallarynyň sany bolsa 4-e ýetdi.