Turkmenportal logo
24.11.23
3073130731
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Pakistanda saparda bolarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, şeýle-de Ylymlar akademiýasynyň wekilleri bar.


Habarda bellenilişi ýaly, gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynda geçiriljek ylmy-amaly maslahata ýurduň adyndan gatnaşjak wekiliýet şu ýylyň 24 — 28-nji noýabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynda saparda bolar.