Turkmenportal logo
24.11.23
1487714877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Surat: nbcnews.com

Sanly söwda umumy ösüşiň täze hereketlendirijisine öwrülip biler hem-de dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine güýçli itergi berer diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin aýtdy diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.


HHR-iň Başlygy bu barada «Global Digital Trade Expo» sergisine gatnaşyjylara ýüzlenmesinde nygtady. Szinpin soňky ýyllarda öz ýurdunyň halkara söwda-ykdysady düzgünleriniň ýokary ölçeglerine goşulandygyny, sanly söwdanyň ösmeginde bütin dünýä üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.


«Global Digital Trade Expo» sergisi Hytaýyň günorta Çženzýan ülkesindäki Hançžou şäherinde açyldy we 27-nji noýabra çenli dowam eder.


Sergä köp sanly halkara guramalary, işewürlik bileleşikleridir telekeçiler gatnaşýarlar. 100 müň inedördül metri eýeleýän sergide 800 sany kärhananyň işi bilen tanyşdyrylýar.