Turkmenportal logo
21.11.23
3755537555
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan — Gonkong: milli ýygyndynyň başlangyç düzümi belli boldy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyryndan orun Gonkong bilen oýunda esasy düzümde meýdança çykjak oýunçylary belli boldy.


«Gonkong» stadionynda geçiriljek oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:


Derwezeçi: Resul Çaryýew («Arkadag»);


Goragçylar: Wepa Jumaýew («Energetik-BGU»), Ata Geldiýew («Ahal»), Abdy Bäşimow («Arkadag»);


Ýarymgoragçylar: Meýlis Durdyýew («Arkadag»), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata»), Welmyrat Ballakow («Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal»), Ruslan Mingazow («Kitçi»);


Hüjümçiler: Arslanmyrat Amanow («Arkadag»), Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»).


Ýeri gelende bellesek, türkmen futbolçylary bu oýunda ak köýnekçede meýdança çykarlar. Gonkongly futbolçylar bolsa gyzyl köýnekçede oýnarlar.


Mundan ozal, duşuşyga BAE-li eminler toparynyň bellenilendigini habar beripdik.


Şeýle-de okaň:


Капитан сборной Туркменистана Аманов: «Надеюсь, что болельщики будут гордиться нашей игрой с Гонконгом»