Turkmenportal logo
10.11.23
4293242932
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory täzelendi
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maksat Begençewiç Çaryýewi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine belläp, ony şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany degişli resminamalara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.


Mundan öň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ozalky rektory Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewanyň iş ýeriniň üýtgedilip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilendigini habar beripdik.