Turkmenportal logo
10.11.23
4908949089
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine täze rektor bellenildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine täze rektor bellenildi

Ozal habar berşimiz ýaly, Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen baglylykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.


Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewa bellenilip, ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine täze rektor bellenildi | Turkmenportal.com