Turkmenportal logo
08.11.23
1755317553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hünärmenler Monblan dagyny jahankeşdeler üçin iň howply künjek diýip atlandyrdylar

Germaniýanyň «Holidu» jahankeşdelik kompaniýasynyň hünärmenleri dünýäniň iň howply gözel künjeklerini kesgitlediler, olar şunda ol ýerlerde heläk bolýanlaryň we betbagtçylykly hadysa uçraýanlaryň ortaça sanyny deňeşdirdiler.


«Express» neşiriniň ýazmagyna görä, iň howply ýer Fransiýadaky Monblan dagy bolup, ol ýerde ýylda takmynan 100 jahankeşde heläk bolýar diýip, «Izwestiýa» ýazýar.


Ikinji orunda Beýik Britaniýadaky iň beýik Ben-Newis dagy ýerleşdi, hünärmenleriň maglumatlaryna laýyklykda, ol ýerde 2016-njy ýylda alty adam, 2017-nji ýylda ýedi we 2018-nji ýylda üç adam heläk boldy.


Üçünji orunda Ýaponiýadaky Fudziýama dagy ýerleşdi, ol ýerde 2017-nji ýylda ýedi jahankeşde pida boldy. Dördünji orny Nepaldaky Ewerest dagy eýeledi, bäşinji orunda ýerleşen Tanzaniýadaky Kilimanjaro dagynda her ýyl ortaça 10 adam heläk bolýar.