Turkmenportal logo
02.11.2023
2415324153
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG Arkadag şäherinde geçen halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesini 6 dilde çap etdi

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Nýu-Ýork şäherindäki Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan habar berildi.


Belläp geçsek, utgaşykly görnüşde guralan köptaraplaýyn foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, BMG-niň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň işgärleri, dürli ýurtlardan ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar.


Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp geçirilen halkara foruma türkmen tarapyndan Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalary, Aşgabatdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.